Turkmenportal logo
20.10.22
2507725077
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruhubelent etrabyna täze häkim bellenildi

Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň häkimi Döwletmyrat Güjükow, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Gol çekilen degişli resminama esasynda, bu wezipä Şatgeldi Nurbaýew bellenildi.