Turkmenportal logo
18.10.22
2313423134
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyndaky ilkinji duşuşygynda Butany ýeňdiler
Türkmen tennisçileri Dewisiň kubogyndaky ilkinji duşuşygynda Butany ýeňdiler

Türkmenistanyň tennis boýunça erkekler ýygyndysy Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa sebitiniň 4-nji toparçasyndaky ilkinji duşuşygynda Butanyň ýygyndysyndan üstün çykdy.


«B» toparçanyň çäklerindäki duşuşygyň Bahreýniň Madinat-Isa şäherinde geçirilendigini habar berýäris.


Ilkinji duşuşykda Ýuriý Rogusskiý Nidupa Gýeltşeni 6:2, 6:0 hasabynda ýeňdi. Soňra Meýlis Orazmuhammedow Pema Norbudan edil şu hasaplar bilen üstün çykdy. Gurbanberdi Gurbanberdiýew bilen Ýuriý Rogusskiý jübüti bolsa Tenzin Singýe Jorji ― Tandin Wangçuk jübütini 6:4, 6:2 hasaplary bilen ýeňlişe sezewar etdi.


Ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji ýeňşini gazanan bolsa, Butanyň ýygyndysy ikinji utulyşdan hem halas bolup bilmedi. Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy Mongoliýanyň ýygyndysy bolar.


Ýaryşyň düzgünnamasyna görä, «A» we «B» toparçalaryň ýeňijileri indiki ýyl sebitiň 3-nji toparçasynda çykyş etmek üçin göreşerler.