Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda «Ferula 2022» III Halkara fotosuratlar bäsleşigi badalga aldy

13:1712.10.2022
0
23988

Türkmenistanda «Ferula 2022» III Halkara fotosuratlar bäsleşiginiň başlandygy mälim edildi. Bu bäsleşigiň esaslandyryjysy we guramaçysy bolup, Aşgabadyň «Ferula» fotokluby çykyş edýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, nobatdaky bäsleşik ÝUNESKO-nyň ýanynda hereket edýän fotografiýa sungaty halkara federasiýasynyň (FIAP), Amerikanyň fotografiýa jemgyýetiniň (PSA), şeýle hem IS halkara klubunyň howandarlygynda geçiriler.

Bäsleşige fotosuratlar

«Erkin reňkli surat»;

«Erkin ak-gara surat»;

«Toý»;

«Fotožurnalistika» ýaly dört ugur boýunça kabul edilýär.

Oňa gatnaşmaga isleg bildirýänler www.isalons.net saýtynda hasaba durup bilerler.

Bäsleşige hödürlenen işler şu ýylyň 8-nji noýabryna çenli kabul edilip, onuň netijeleri Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda yglan ediler. Bäsleşige hödürlenen işlere halkara guramalaryň agzasy bolan ussat fotosuratçylar tarapyndan döredilen eminler topary baha berer. Bu gezekki bäsleşigiň eminler toparynyň hatarynda Nino Mgebrişwili EFIAP (Gruziýa), Sergeý Maýorow EFIAP (Russiýa), Wýaçeslaw Sarkisýan EFIAP (Türkmenistan) ýaly ussat fotosuratçylar bar.

Häzire çenli Türkmenistanda geçirilýän bu Halkara fotosuratlar bäsleşigine gatnaşmaga dünýä ýurtlarynyň 22-siniň wekilleri isleg bildirdiler. Gatnaşmaga isleg bildirýänleriň hatarynda Angliýanyň, Awstraliýanyň, Bolgariýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Italiýanyň, Ysraýylyň, ABŞ-nyň, Ukrainanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Çehiýanyň, Çiliniň we beýleki ýurtlaryň wekillerini görmek bolýar.

Ýeri gelende bellesek, bäsleşikde tapawutlanan işler FIAP-yň, PSA-nyň, IS-niň we Aşgabadyň «Ferula» fotoklubunyň halkara altyn, kümüş we bürünç medallary bilen sylaglanar.

Geçen ýylky «Ferula 2021» bäsleşiginde Türkmenistandan M. Abdyllaýew IS-niň kümüş, S. Krupskaýa «Ferula» bürünç medaly bilen sylaglanypdylar, B.Şyhlyýew bolsa IS-niň Hormat lentasyna mynasyp bolupdy.

Bäsleşige bu ýyl dünýäniň 40 ýurdundan fotosuratçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň