Turkmenportal logo
03.10.22
2362523625
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Bütinrussiýa deňiz kongresine gatnaşýar
Türkmenistan Bütinrussiýa deňiz kongresine gatnaşýar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň wekilleri şu gün Moskwada başlanan we 4-nji oktýabrda dowam etjek Bütinrussiýa deňiz kongresine gatnaşýarlar.


Nevacongress web sahypasynyň habaryna görä, 200-den gowrak russiýaly we halkara spikeriň gatnaşmagynda geçirilýän Deňiz kongresiniň işi 20-den gowrak bölümçede alnyp barlar. Şeýle hem ýapyk we açyk formatda önümçilik çykyşlary, Deňiz gurallary korporasiýasynyň ertirlik nahary we işewürlik şertnamalaryna gol çekişilmegine garaşylýar.


Gatnaşýanlaryň arasynda Hytaý, Türkiýe, Eýran, Wýetnam, Filippinler, Hindistan, Mýanma, BAE, Latyn Amerikasy, Türkmenistan, Gazagystan ýaly döwletleriň wekiliýetleri bar.