Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana daşalýan ýükleriň möçberi artdyrylar

19:2022.09.2022
0
33765
Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana daşalýan ýükleriň möçberi artdyrylar

Geljekde Türkmenistanyň deňiz porty arkaly Hindistana uzaýan ulag geçelgesiniň işjeňligini artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ulag geçelgesiniň mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy sebitiň ýurtlary bilen Hindistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder.

20-nji sentýabrda Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginde Aziýa-Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş toparynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda Eýranyň Çabahar portunyň üsti bilen «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Hindistan» ulag geçelgesiniň işini işjeňleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Ýeri gelende bellesek, bu ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly geljekde Merkezi Aziýa bilen Hindistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny 3,2 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň