«Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň haly we haly önümlerini öndürýän kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýurt Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli täze görnüşli halylaryň önümçiligini ýola goýdular. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berdi.
Olaryň arasynda «Pazyryk nagşy», «Kerki göli» ýaly göller bar. «Beşir göli» hem-de «Teke göli» göllerini birleşdirip, täze haly nusgasy döredildi. Ol «Bäşaý» diýip atlandyryldy. Şeýle hem çitim aýratynlygy bilen tapawutlanýan, täze görnüşli «Parahat» halysynyň önümçiligi ýola goýuldy.
2016-njy ýylda işe girizilen haly fabriginiň kuwwatlylygy ýylda millionlarça inedördül metr haly we haly önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Kärhanada birnäçe önümçilik desgasy bolup, olar haly dokaýan, önümleri taýýar görnüşe getirýän, çig maldan ýüplük taýýarlaýan, şeýle hem çig mal önümçiligi boýunça halylary dokaýan bölümlerden ybaratdyr. Bu ýerde dürli haly gölleri, nagyşlary salnyp dokalýan halylaryň ýüzlerçe görnüşi öndürilýär.