Turkmenportal logo
17.09.22
1337413374
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Şagadamy» ýeňdi
TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Şagadamy» ýeňdi

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary Ýokary liganyň 10-njy tapgyrynyň merkezi duşuşygynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» kabul edip, garşydaşyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk paýtagtyň Büzmeýin etrabyndaky «Sport toplumynda» geçirildi.


Ýeňiji toparyň gollaryny 44-nji minutda Begmyrat Baýow, 45+1-nji minutda Begençmyrat Myradow geçirdi. Myhmanlardan 68-nji minutda Hakmuhammet Bäşimow tapawutlandy.


Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri 10 tapgyrda toplan 21 utugy bilen ýaryş tertibiniň ikinji basgançagynda barýarlar. Olar birinji orundaky «Ahaldan» 7 utuk yzda. «Şagadam» bolsa 14 utuk bilen ýaryş tertibiniň 5-nji basgançagyny eýeleýär.