Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gazprom» 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kub metr gaz satyn aldy

11:0014.09.2022
0
12801
«Gazprom» 2021-nji ýylda Türkmenistandan 10,6 milliard kub metr gaz satyn aldy
Surat: ria.ru

Russiýanyň iri gaz kompaniýasy bolan «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti geçen ýyl Türkmenistandan 10,6 milliard kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow žurnalistler bilen geçiren duşuşygynda habar berdi.

Resmi rus internet neşirlerinde bellenilişi ýaly, «Türkmengaz» döwlet konserni we «Gazprom» 2019-njy ýylyň 1-nji iýulynda bäş ýyl möhlete, ýagny 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hyzmatdaşlyk etmek boýunça şertnama gol çekdiler.

Geçen ýylyň dekabrynda Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin metbugat ýygnagynda 2021-nji ýylda «Gazpromyň» Türkmenistanda satyn alan gazynyň mukdarynyň iki esse artyp, takmynan, 10 milliard kub metre ýetjekdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, diplomat 2022-nji ýylda üpjünçiligiň mukdarynyň taraplaryň arasyndaky goşmaça gepleşikleriň dowamynda kesgitlenjekdigini belledi. Häzirki hereket edýän şertnama laýyklykda, türkmen tebigy gazyny satyn almak we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda giňeltmek meselesi awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň