Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Blohin: Türkmenistan we Russiýa gaz eksport etmekde bäsdeş däldirler

11:3113.09.2022
0
16827
Blohin: Türkmenistan we Russiýa gaz eksport etmekde bäsdeş däldirler
Surat: CentralAsia.news

Russiýa Federasiýasy Türkmenistany gazy eksport etmek boýunça bäsdeş hasaplamaýar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin TASS rus habarlar gullugyna beren interwýusynda belläp geçdi.

— Ýewropa hemişe esasy sarp edijimiz bolupdy, emma häzirki wagtda hemmelere mälim bolan wakalara görä, Ýewropa bazarynyň gerimi kiçelýär... Ikinjiden, biz hem, Türkmenistan hem Hytaýa gaz eksport edýäris. Hytaý bolsa energiýa serişdelerini esasy sarp edijileriň biri. Biz bu ýerde bäsdeşlik ederis öýdemok. Sebäbi Hytaýda ekologiýa taýdan arassa energiýa geçmek, kömürden daşlaşmak maksady öňde goýuldy. Şol sebäpden, biziň aramyzda bu ýerde gaz üpjünçiligi bilen baglanyşykly päsgelçilikler we düşünişmezlikler bolmaz. Şu jähetden, biz birek-biregi bäsdeş hasaplamaýarys – diýip, Blohin nygtady.

Şeýle-de ilçi Russiýa bilen Türkmenistanyň gaz ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigine aýratyn ünsi çekdi. Onuň belleýşi ýaly, Russiýa Türkmenistandan bölekleýin gaz satyn alýar. Bu biziň üçinem, Türkmenistan üçinem haýyrly, sebäbi «Gazprom» töleg geçirmek babatda örän ygtybarlydyr. Geçen ýyl «Gazprom» Türkmenistandan, takmynan, 10 milliard kub metr gaz satyn aldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we A.Miller bar bolan köpýyllyk oňyn tejribäni, uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk etmek baradaky häzirki hereket edýän şertnama 2019-njy ýylda gol çekildi. Şoňa laýyklykda, «Gazprom» her ýyl Türkmenistandan, takmynan, 5,5 milliard kub metr tebigy gaz satyn alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň