Turkmenportal logo
08.09.22
55685568
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Kaluga» Dmitriý Homuhanyň ýolbaşçylygynda 9 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär
«Kaluga» Dmitriý Homuhanyň ýolbaşçylygynda 9 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär

Russiýanyň futbol çempionatynyň 2-nji ligasynyň 9-njy tapgyrynda «Kaluganyň» futbolçylary Belgorodyň «Salýutyny» 1:0 hasabynda ýeňdiler. Duşuşyk Kaluga şäherindäki «Sputnik» stadionynda geçirildi.


Ýeňiji toparyň goluny 25-nji minutda Dmitriý Guz geçirdi.


«Kaluga» toparyna häzir Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky wekili Dmitriý Homuha tälim berýär. Topar onuň ýolbaşçylygynda 9 duşuşygyň birinde-de ýeňilmedi. Häzir «Kaluga» 8 ýeňiş we bir deňlikde toplan 25 utugy bilen 2-nji liganyň 3-nji toparçasynda birinji orny eýeleýär.


«Kaluganyň» indiki garşydaşy «Sokol» topary bolar. 10-njy tapgyryň duşuşygy 10-njy sentýabrda Kaluga şäherinde geçiriler.


Dmitriý Homuhanyň Pöwrizede doglandygyny we türkmen futbolynyň uçurymydygyny ýatladýarys.