2022-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäniň sebitleriniň birgideni çakdanaşa guraklyk bilen ýüzbe-ýüz boldy, çekilen zyýan bolsa, 13,2 milliard amerikan dollaryna deňdir. Bu barada «Aon» halkara ätiýaçlandyryş kompaniýasynyň maglumatlarynda aýdylýar diýip, TASS habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar.
Şol sanda Ýewropa yklymy soňky bäş ýüz ýylda iň ýowuz guraklykdan ejir çekdi. Gurak howadan şeýle-de Birleşen Ştatlar, Hytaý we Pakistan ýitgi çekdiler. Hytaýda derýalaryň suwy çekilip, elektrik togunyň işlenip çykarylyşy takmynan 40 göterim pese gaçdy, ýagdaý bilen baglylykda, ýurduň Syçuan ülkesinde «Toyota Motor» awtoulag kompaniýasynyň zawody işini togtatmaly boldy.
Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde guraklykdyr ýangynlar zerarly hasylyň agramly bölegi ýitirildi. Derýalaryň guramagy gämiçilige ýitgi getirdi, ýük daşamagyň zynjyry bozuldy.
Howany öwrenijiler öňdäki 30 ýylyň dowamynda hem çakdanaşa yssynyň tomus döwründe adaty ýagdaýa öwrüljekdigini çaklaýarlar.