Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Aşgabat» möwsümdäki ikinji ýeňşini «Şagadamyň» üsti bilen gazandy

23:4703.09.2022
0
17292

Ýokary liganyň 8-nji tapgyrynda «Aşgabat» Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamyny» ýeňdi.

Aşgabatda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji toparyň gollaryny Merdan Muhadow (22-nji minut) bilen Bäşim Gurbangeldiýew (90-njy minut) geçirdi. Myhmanlardan bolsa 41-nji minutda Yhlas Magtymow tapawutlandy.

Şeýlelikde, möwsümdäki ikinji ýeňşini gazanan «Aşgabat» utugyny 6-a çykardy. 11 utukly «Şagadam» bolsa dördünji orna dolanyp baryp bilmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň