Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşdy

12:4601.09.2022
0
14973

Habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Nobatdaky gurultaýyň gün tertibine laýyklykda, guramanyň täze ýolbaşçylary saýlanyldy.

Arakesmeden soň gurultaýyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutany ilki ýörite guralan göçme sergä aýlanyp gördi. Soňra Türkmenistanyň Prezidentinden ýaşlar forumynyň wekilleriniň adyndan gurultaýda çykyş edip bermegi haýyş edildi. «Türkmenistan» gazetinden habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany çykyşynda häzirki öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň eýeleýän orny, ýaşlar barada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, bu babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekdi. Şeýle-de ýaşlary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýeläp ýetişdirmekde netijeli işleri alyp barýan Ýaşlar guramasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň