TÝL ― 2022: «Merw» «Şagadamy» uly hasap bilen ýeňdi

20:2430.08.2022
0
19705

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyrynda «Merw» «Şagadamy» kabul etdi.

Mary şäherinde geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykda Orazberdi Myradow üç gezek (21, 40 we 72-nji minutlarda, üçünji pökgi 11 metrlik jerime urgusyndan) tapawutlandy. Toparyň ýene bir pökgüsini bolsa 54-nji minutda Alibek Abdyrahmanow geçirdi. «Şagadamyň» pökgüsini 86-njy minutda Akmämmet Metdäýew öz adyna ýazdyrdy.

Utugyny 13-e çykaran «Merw» ýaryş tertibinde üçünji orna göterildi. 11 utukly «Şagadam» bolsa dördünji orna düşdi.

«Merw» ikinji aýlawyň ilkinji duşuşygyny 2-nji sentýabr güni «Köpetdag» bilen geçirer. 3-nji sentýabr güni bolsa «Şagadam» myhmançylykda «Aşgabat» bilen güýç synanyşar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 7-nji tapgyry 31-nji awgustda geçiriljek «Aşgabat» ― «Ahal» duşuşygy bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň