Türkmenabat şäherinde täze dermanhana açyldy

23:0229.08.2022
0
19453

Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Täze dermanhana ýurduň gündogar sebitindäki iri lukmançylyk edaralarynyň — Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem-de Lebap welaýatynyň «Ene mähri» merkeziniň golaýynda amatly ýerde ýerleşýär. Häzirki zaman sanly enjamlar bilen üpjün edilen dermanhana arakesmesiz, irden sagat 7:00-dan gije 23:00-a çenli işleýär. Onda satyn alnan dermanlar üçin hasaplaşygy nagt we nagt däl görnüşinde amala aşyryp bolýar.

Dermanhananyň umumy meýdany 500 inedördül metr bolup, bir gatly, ýagty we giň binasynda dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny satýan bölümler, ammar we beýlekiler ykjam ýerleşdirilipdir. Onuň işgärleri tejribeli hünärmenlerden, maslahat berýän lukmanlardan ybaratdyr. Bu ýerde Türkmenistanda öndürilýän derman serişdeleriniň giň görnüşleri hem-de lukmançylyk enjamlary, bereketli türkmen topragynda ösýän täsin dermanlyk ösümlikler, Ýewropanyň öňdebaryjy öndüriji ýurtlarynyň derman serişdeleri we ýörite enjamlary alyjylara hödürlenilýär.

Döwrebap derejede gurlan täze dermanhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişlidir. Bu kärhananyň ýurduň welaýatlarynda şu ugra degişli desgalary dolandyrmakda özboluşly tejribesi bar. Ozal habar berşimiz ýaly, bu hususy kärhana şu ýylyň aprel aýynda Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde hem degişli dermanhanasyny açypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň