Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden Türkmenabada ilkinji ýolagçy gatnawy amala aşyryldy

22:4129.08.2022
0
26195

Şenbe güni «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ilkinji ýolagçy uçary Maýn boýundaky Frankfurt şäherinden Türkmenabat şäherine ugrady. Ozal bu şäherleriň arasynda göni amala aşyrylýan yzygiderli ýolagçy gatnawy ýokdy.

Frankfurt howa menziliniň onlaýn tagtasynyň habaryna görä, T5 464 reýsi 17:10-da (ýerli wagt) bu ýerden ugrady. Boeing 777-200LR kysymly uçar (bort belgisi EZ-A779) ýekşenbe güni sagat 00:20-de Türkmenabat şäherine gondy. Uçuşyň dowamlylygy 5 sagat 30 minuta barabar boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, geçen hepde Türkmenistan Germaniýa bilen yzygiderli howa gatnawyny gaýtadan ýola goýupdy.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary Frankfurtyňbhowa menziliniň 2-nji terminalyndan her hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri Maýn boýundaky Frankfurt — Türkmenabat ugry boýunça uçuşy amala aşyrýarlar.

Maglumat üçin, Türkmenistandan Germaniýa gitjek ýolagçylar üçin bir petegiň bahasy 5,705 manada, Germaniýadan Türkmenistana ugraýan ýolagçylar üçin bolsa bir petegiň bahasy 6,070 manada deňdir. Ýolagçylar petekleri «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky kassasyndan satyn alyp bilerler.

Şeýle hem, «Türkmenistan» awiakompaniýasy häzirki wagtda Moskwa (Russiýa), Kazana (Tatarstan, Russiýa) we Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň