Soňky habarlar

Arhiw

Formula-1 boýunça Belgiýanyň Gran-prisi Ferstappeniň ýeňşi bilen tamamlandy

01:1429.08.2022
0
11346

28-nji awgustda Formula-1 boýunça Belgiýanyň Gran-prisi geçirildi. Ýaryş «Red Bulluň» sürüjisi Maks Ferstappeniň ýeňşi bilen tamamlandy. Onuň badalga çyzygyndan 13-nji bolup ugrandygyny bellemek gerek. Ferstappeniň topardaşy Serhio Peres ikinji orny alan bolsa, pellehanany üçünji bolup «Ferrariniň» piloty Karlos Saýns kesip geçdi.

Ýaryşda Fernando Alonso bilen çaknyşan Lýuis Hemiltonyň hatardan çykandygyny hem aýratyn bellemek gerek.

Belgiýanyň Gran-prisinden soňra şahsy hasapda 284 utuk bilen Maks Ferstappen liderlik edýär. Ikinji orun 191 utuk toplan ýene bir «Red Bulluň» sürüjisi Serhio Perese degişli. Güýçli üçlügi bolsa 186 utugy bolan «Ferrariniň» sürüjisi Şarl Lekler jemleýär.

Konstruktorlaryň arasyndaky bäsleşikde «Red Bull» 475 utuk bilen kerwenbaşylygy ynamly ýagdaýda özünde saklaýar. Ikinji orundaky «Ferraride» 357, üçünji ýerdäki «Mersedesde» bolsa 316 utuk bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň