Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, wise-premýer döwlet Baştutanyna ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini nygtady. Bu möwsümleýin işleri çalt we ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilmeginiň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.
Şeýlelikde, döwlet Baştutany 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, asylly däbe görä hormatly ýaşululardan ekişi «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
«Her bir dänäňiz müň bolsun, edermen babadaýhanlar!» diýip, döwlet Baştutany ýurduň edermen gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.