Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» futbol topary ilkinji gezek «eFootball» oýnuna girizildi

12:3626.08.2022
0
27235

«eFootball 2023» futbol simulýatoryna şu ýyl AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eden «Ahal» futbol topary hem girizildi. Bu barada AFK «Twitterdäki» hasabyndan habar berdi.

Elektron oýun indi birnäçe ýyldan bäri AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşýan toparlary özüne siňdirmek hukugyna eýe. Ýöne bu ýaryşyň geçirilýän stadionlary häzirlikçe «Konami» nyşanynyň astyndadyr.

Oýnuň täzelenmesiniň mahabat roliginde «Ahal» «Nike» kompaniýasynyň ak lybasynda görkezilýär. Rolikde toparyň hemaýatkäri «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň (TNÖ) nyşany hem orun alypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň