Kilimanjaro dagynda internet peýda bolar

12:3518.08.2022
0
3014
Kilimanjaro dagynda internet peýda bolar
Surat: pixworldadventures.com

Belentligi 5895 metr bolan Kilimanjaro dagynyň çürbaşynda ýokary tizlikli internet öňdäki oktýabr aýyndan ýola goýlar diýip, Tanzaniýanyň habarlar ministri Nape Nnauýe ýurduň «The Citizen» neşirine habar berdi.

Mundan öň «Tanzania Telecommunications Limited» kompaniýasy dagyň 3720 metr belentliginde internet ulgamyny işe girizipdi.

Öň Kilimanjaroda islendik ykjam aragatnaşyk 1860 metr töweregi beýiklikde işlemeýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň