TÝL ― 2022: «Energetik» möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy

23:2016.08.2022
0
3901

Marynyň «Energetik» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň şu möwsümindäki ilkinji ýeňşini 4-nji tapgyrda gazandy. Topar düýn «Aşgabady» kabul edip, 1:0 hasabynda üstün çykdy.

Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçirilen duşuşykdaky ýeke-täk pökginiň awtory Suražiddin Jumanyýazowdyr. Ol duşuşygyň 51-nji minudynda tapawutlandy.

Şeýlelikde, utugyny 3-e çykaran «Energetik» ýaryş tertibiniň 7-nji basgançagyna geçdi. Möwsümdäki dört duşuşygynyň ählisinde-de garşydaşlaryndan asgyn gelen «Aşgabat» bolsa iň soňky orunda barýar.

5-nji tapgyrda «Energetik» «Şagadamyň» myhmany bolar, «Aşgabat» bolsa Balkanabadyň «Nebitçi» futbol toparyny kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň