Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

09:2315.08.2022
0
4815

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmua we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

«Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça netijeli we özara bähbitli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany öz gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, gutlag hatynda hindi kärdeşi hanym Draupadi Murmua hem-de Premýer-ministr Narendra Modä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň