Turkmenportal logo
13.08.22
65766576
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Japarow Gyrgyzystanyň çempionatynda 11-nji «gury» oýnuny geçirdi
Japarow Gyrgyzystanyň çempionatynda 11-nji «gury» oýnuny geçirdi

Futbol boýunça Gyrgyzystanyň çempionatynyň 16-njy tapgyrynyň oýnunda «Abdyş-Ata» «Kaganatdan» üstün çykdy (3:0).


Şeýlelik bilen, duşuşykda «Abdyş-Atanyň» esasy düzüminde meýdança çykan türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow möwsümdäki «gury» oýunlarynyň sanyny 11-e ýetirdi.


26 ýaşly türkmenistanly derwezeçi bu möwsümde öz derwezesinden bary-ýogy 5 top geçirtdi. Bu barada «Instat» sport seljeriş kompaniýasyna salgylanyp, «Gyrgyzystan sport» teleýaýlymy habar berýär.


Ýeri gelende bellesek, Japarow 2022-nji ýylyň ýanwaryndan bäri «Abdyş-Atanyň» düzüminde çykyş edýär.


Häzirki wagtda çempionlyk ugrunda göreşýän «Abdyş-Ata» Gyrgyzystanyň çempionatynda 38 utuk bilen birinji ýerde barýar. Ikinji ýerdäki «Neftçiniň» hasabynda 29 utuk bar.