Turkmenportal logo
13.08.22
96919691
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna bije çekildi
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyna bije çekildi

Şu gün Aşgabat şäherinde 29-njy gezek geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň bije çekmek dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.


Bu möwsümde Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşa ýokary liganyň 8 topary gatnaşar. Has takygy, Aşgabatdan üç topar — «Altyn asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag», Balkan welaýatyndan iki topar — «Nebitçi» hem-de «Şagadam», Mary welaýatyndan iki topar — «Merw» we «Energetik», şeýle-de Ahal welaýatyndan «Ahal» topary baş baýrak üçin göreşerler.

Türkmenistanyň Kubogy almak üçin bu ýylky bäsleşikler 9-njy sentýabrda 1/4 final tapgyryndan badalga alar. Iki oýundan ybarat tapgyryň jogap duşuşyklary 21-nji sentýabrda oýnalar.

Ýaryşyň ýarym final oýunlary 26-njy oktýabr hem-de 22-nji noýabr senelerinde geçiriler. Kubogyň eýesini belli etjek final duşuşygy bolsa 11-nji dekabr güni bolup geçer.

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Kubogy eýelän topar AFK Kubogynyň 2023/24-nji ýylky möwsüminde gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýaryşyň geçen ýylky ýeňijisi Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» topary bolupdy. Olar Türkmenbaşy şäherinde geçirilen aýgytlaýjy oýunda «Ahaldan» 1:0 hasabynda üstün çykypdylar.


Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň bije çekilşiginiň netijeleri:


Deslapky duşuşyklar


09.09.2022 ýyl. «Energetik» — «Şagadam»

09.09.2022 ýyl. «Köpetdag» — «Aşgabat»

09.09.2022 ýyl. «Altyn asyr» — «Nebitçi»

09.09.2022 ýyl. «Ahal» — «Merw»


Jogap oýunlary


21.09.2022 ýyl. «Şagadam» — «Energetik»

21.09.2022 ýyl. «Aşgabat» — «Köpetdag»

21.09.2022 ýyl. «Nebitçi» — » «Altyn asyr»

21.09.2022 ýyl. «Merw» — «Ahal