Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda howply galyndylary netijeli dolandyrmak boýunça täze taslama durmuşa geçirilýär

21:5009.08.2022
0
4293
Türkmenistanda howply galyndylary netijeli dolandyrmak boýunça täze taslama durmuşa geçirilýär

Türkmenistanda, zyýanly galyndylaryň serhetara geçirilişine we olary ýok edilişine gözegçilik etmek baradaky Bazel Konwensiýasy boýunça, täze taslamalar durmuşa geçirilip ugrady.

Bazel konwensiýasy boýunça ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça çärelerine Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi gözegçilik edýär.

Taslamanyň çäginde ähli gyzyklanýan taraplaryň wekilleriniň gatnaşmagynda üç sany seminaryň geçirilmegine garaşylýar. Bazel konwensiýasynyň çäginde ýörite gözükdiriji kitapçalary taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.

Bazel konwensiýasynyň maksady jemgyýeti howply galyndylaryň zyňylmagynyň ýaramaz täsirlerinden goramakdyr. Şeýle galyndylar biomedikal we lukmançylyk galyndylaryny, ulanylan nebit önümlerini, dowamly organiki hapalaýjy maddalary, himiki serişdeleri we pestisidleri, elektron we elektrik galyndylaryny, simap we asbest saklaýan materiallary we beýlekileri öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň