Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 14 ýokanç kesele garşy sanjymlar geçirilýär

16:1309.08.2022
0
9811
Türkmenistanda 14 ýokanç kesele garşy sanjymlar geçirilýär

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda ABŞ-nyň 83 million dollaryna barabar sanjym we sanjym enjamlaryny satyn almak boýunça bäş ýyllyk meýilnama gol çekildi.

2019-njy ýylyň maýyndan başlap keselleriň öňüni almak boýunça sanjymlaryň tertibine ýene-de 3 keseliňki goşuldy. Häzirki wagtda bu tertibi jemi 14 ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomielite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokokk we rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar düzýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada aýdylýar.

Bellenilşi ýaly, ýurtda çagalara we uly ýaşly adamlara öňüni alyş sanjymlaryny yzygiderli geçirmek üpjün edilýär. Immuno öňüni alyş işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň hem-de muňa ilatyň işjeň gatnaşmagynyň netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemegiň pes derejesine ýetildi. Häzirki döwürde dünýäde dowam edýän COVID-19 ýokanjynyň garşysyna Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň we beýleki ýurtlaryň önüm öndürijileriniň waksina serişdeleri getirilip, sanjym işleri güýçli depginde dowam edýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň