Turkmenportal logo
05.08.22
88278827
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ÝB Türkmenistanda “10 gün söýgi we mähir” diýen onlaýn-kampaniýa badalga berdi
ÝB Türkmenistanda  “10 gün söýgi we mähir” diýen onlaýn-kampaniýa badalga berdi

Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy ýakynda çap edilen Türkmenistanyň “Itçilik we kinologiýa işi hakynda” täze Kanuny goldap, çykyş edip, Instagramda “10 gün söýgi we mähir” diýen onlaýn-kampaniýa badalga berdi. Bu barada ÝB-niň jemgyýetçilik torlaryndaky hasabynda aýdylýar.


YB-niň topary hemmeleri itlere we pişiklere ünsli hem-de rehimli bolmaga çagyryp, öýde saklaýan itdir pişikleriňiz ýa-da eýesiz gezip ýören haýwanlar barada alada edişiňiz hakynda düşürilen wideolary ýa-da fotosuratlary beýan edip ýerleşdirmegi teklip edýär.


Ýokarda görkezilen Kanunyň 26-njy iýulda güýje girendigini ýatladýarys.