Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 14 ýylda talyplyga kabul edilenleriň sany 16 müňe golaý köpeldi

09:3705.08.2022
0
8977

Türkmenistanda sanly bilimi ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bilim bermegiň dünýä ülňülerine laýyk gelýän hilini üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Statistiki maglumatlara görä, Türkmenistan boýunça:

— orta mekdepleriň sany 2007 — 2021-nji ýyllar aralygynda 1711-den 1875-ä ýetip, okuwçylaryň sany 1040,0 müňden 1493,4 müňe ýetdi;
— orta hünär mekdeplerine kabul edilen okuwçylaryň sany 2007 — 2021-nji ýyllar aralygynda 1,6 müňden 10,1 müňe ýetdi;
— ýokary hünär mekdepleriniň sany 2007 — 2021-nji ýyllar aralygynda 17-den 25-ä ýetip, talyplaryň sany 17,0 müňden 63,0 müňe ýetdi;
— ýokary hünär mekdeplerine kabul edilen talyplaryň sany 2007 — 2021-nji ýyllar aralygynda 4,6 müňden 15,5 müňe ýetdi;
— ýokary hünär mekdeplerini tamamlan hünärmenleriň sany 2007 — 2021-nji ýyllar aralygynda 3,9 müňden 8,3 müňe ýetdi.

Bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Her ýyl ýaşlaryň bilim alýan daşary ýurt okuw edaralary ulgamy giňeýär. Talyplaryň daşary ýurtlarda bilim almagy, hususan-da, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan gazanylan hökümetara ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýar.

Mugallymçylyk ugurly dört sany ýokary okuw mekdebinde hünär ýokarlandyryş fakultetleri açyldy:

— Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde;
— Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda;
— Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;
— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasynda ýokary okuw mekdepleriniň sanly bilim portallary işläp başlady. Portallar professor-mugallymlara we talyplara giň mümkinçilikleri açýar. Olar bilim bermegiň innowasion usullaryndan peýdalanmak, elektron resminama dolanyşygy, elektron kitaphana hyzmaty, dürli bäsleşikler we maslahatlar ýaly amatlyklary özünde jemleýär.

Durmuş syýasatynda mümkinçilikleri çäkli çagalaryň durmuş-ykdysady taýdan uýgunlaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Şeýle topara degişli çagalar üçin hereket edýän okuw mekdeplerinde umumybilim edaralarynyň okuw maksatnamasyndan birneme tapawutly meýilnamalara we maksatnamalara laýyklykda bilim berilýär. Olarda bilim, terbiýe bermek, saglygy dikeltmek işleri lukmançylyk ugurly hünärmenleriň, logopedleriň we defektologlaryň gönüden-göni gözegçiligi astynda amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň