Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze «Iner Store» onlaýn dükany işläp başlady

09:1305.08.2022
0
24921

Wagtyny tygşytlap internetden söwda etmegi halaýanlar üçin özboluşly täzelik — Türkmenistanda täze «Iner Store» onlaýn platformasy işläp başlady.

«Iner Store» gündelik peýdalanylýan azyk harytlaryny satmaga ýöriteleşen dükan däldir. Bu ýerde alyjylara ýetirilýän harytlar 15 görnüş boýunça tapawutlanyp, onlaýn söwda meýdançasyndan bu görnüşli harytlardan — mekdep we ofis harytlary, çaga oýunjaklary, öý-hojalyk tehnikasy, elektronika enjamlary, ykjam telefonlar we aksessuarlar, kiçi we uly ýaşlylar üçin egin-eşikler, kosmetika, arassaçylyk serişdeleri, gap-gaçlar we beýleki haryt görnüşlerini satyn alyp bolýar.

Ulanyjylaryň köpdürli harytlaryň içinden özüne geregini tapmagy we tiz saýlamagy üçin amatly bolar ýaly harytlaryň ählisi bölümler boýunça aýry-aýry görnüşde ýerleşdirilen. Dükanyň ykjam goşundysyny türkmen we rus dillerinde ulanyp bolýar.

«Biz onlaýn lomaý söwda platformasy bolanymyz üçin, «Iner Store»-yň harytlarynyň bahasy Türkmenistanyň bölekleýin onlaýn dükanlaryndan elýeterlidir» – diýip, onlaýn dükanyň hünärmeni belläp geçýär.

Harytlar sargytlaryň kabul edilen wagtyndan 48 sagadyň dowamynda eltilip berilýär. Dükandan 1000 manatlyk ýa-da ondan ýokary möçberde söwda edilen ýagdaýynda harytlar Aşgabat şäheriniň çägine tölegsiz eltilýär. Şunuň bilen birlikde «Iner Store» onlaýn dükanynyň Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna hem harytlary eltip berme hyzmatyny ýetirýändigini bellemek bolar.

«Iner Store» onlaýn-hyzmatynyň ykjam goşundysyny AppStore hem-de Play Market internet dükanlaryndan ýükläp alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi, 5/7 jaý;
  • Telefon belgisi: (+993 65) 62 46 48;
  • Elektron poçta salgysy: inerstore@gmail.com
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň