Turkmenportal logo
01.08.22
51695169
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy 9-njy sentýabrda başlanar
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy 9-njy sentýabrda başlanar

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň senenamasy paýlaşyldy. Ýaryşa 9-njy sentýabrda badalga berler we ol 11-nji dekabrda tamamlanar.


Türkmenistanyň kubogynyň eýesi indiki ýylda ýurduň çempiony bilen Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyga gatnaşar. Eger çempion hem, Kubogyň eýesi hem şol bir topar bolsa, Naýbaşy kubok duşuşygyna çempionatyň kümüş medalçysy gatnaşar.


Şeýle hem Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolmak topara AFK-nyň kubogy ― 2023-e gatnaşmak mümkinçiligini berýär. Geçen ýyl Kubok ýaryşy «Şagadamyň» ýeňşi bilen tamamlandy.


Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ― 2022-niň senenamasy:


9-njy sentýabr


Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklary


21-nji sentýabr


Çärýek finalyň jogap duşuşyklary


26-njy oktýabr


Ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary


22-nji noýabr


Ýarym finalyň jogap duşuşyklary


11-nji dekabr


Final.