Türkmenistanyň Prezidenti iki wise-premýere käýinç yglan etdi

23:2129.07.2022
0
10685

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda käbir guramaçylyk meselelerine garaldy we birnäçe resminamalara gol çekildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmedowa Mährijemal Mekandurdyýewna käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Purçekow Çarymyrat Hywaliýewiçe käýinç yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň