Futbol boýunça Lebap welaýatynyň kubogy ugrunda ýaryş geçirildi

22:0030.07.2022
0
3915

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda welaýatyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş tamamlandy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Ýaryş «Demirýolçy» hem-de «Himiýaçy» stadionlarynda geçirildi. Oňa «Farap», «Demirýolçy», «Çärjew», «Miras», «Derýaçy», «Garagum», «Köpetdag», «Amyderýa» toparlary gatnaşdy. Aýlaw görnüşinde geçirilen bu ýaryş bir aýlap dowam etdi. Netijede, ýarym final tapgyryna 4 topar saýlandy. Ýarym finalda «Miras» «Garagum» topary bilen duşuşyp, 2:0, «Derýaçy» «Farap» topary bilen duşuşyp, 3:2 hasaplary bilen ýeňiş gazandylar. Finalda «Miras» bilen «Derýaçy» toparlary welaýatyň kubogy ugrunda ýaryşdylar. Final duşuşygy has-da çekeleşikli hem-de gyzgalaňly ýagdaýda geçdi. Örän çekeleşikli geçen bu duşuşyk 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Oýnuň deňme-deň tamamlanandygy üçin ýeňiji 11 metrlik urgular arkaly kesgitlendi. Onda «Derýaçynyň» oýunçylary öňe saýlandylar. Oýun 3:1 hasaby bilen «Derýaçynyň» hasabyna tamamlandy we bu topar welaýatyň kubogyny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň