Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbek-türkmen hyzmatdaşlygynda ulag-logistika ulgamyny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi

23:1812.07.2022
0
1556
Özbek-türkmen hyzmatdaşlygynda ulag-logistika ulgamyny ösdürmegiň möhümdigi bellenildi
Surat: uzdaily.uz

12-nji iýulda Daşkent şäherinde geçirilen «Özbegistan we Türkmenistan: Ösüşiň geljekki gözýetimleri özara gatnaşyklaryň täze taryhy tapgyrynda» atly halkara maslahatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmeginde ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn üns berilmelidigi we bu ulgamy ileri tutulýan ugra öwürmegiň zerurdygy bellenildi. Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň (SSBI) direktorynyň birinji orunbasary Akramjon Nematowyň bu babatda beýan eden pikirini «UzDaily.uz» saýty habar berýär.

SSBI-niň bilermeniniň bellemegine görä, özbek-türkmen özara bähbitli gatnaşyklarynyň iň möhüm tarapy dostlukly döwletleriň ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçiliklerinden peýdalanmak we ösdürmek, şeýle-de bu pudagyň işinde ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini tapmakdyr.

«Merkezi Aziýany Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky esasy geçelgeleriň merkezine öwürmek hem-de sebitiň kuwwatyny ýokarlandyrmak, şeýle-de Merkezi Aziýadan geçýän transkontinental gury ýer geçelgeleri arkaly gatnaýan ulaglaryň mukdaryny artdyrmak üçin bilelikde amaly çäreleri görmelidiris. Şol bir wagtyň özünde, häzirki wagtda Türkmenbaşy portundan geçýän Hazar geçelgesiniň günorta ýolunyň kuwwatyny artdyrmak hem-de dolandyryş amallaryny ýönekeýleşdirmek möhümdir» – diýip, Akramjon Nematow belläp geçýär.

Geçirilen maslahatyň dowamynda mundan başga-da birnäçe mümkinçilikli ulgamlarda gatnaşyklary ýakyn geljegiň şertlerini nazarda tutup ösdürmek dogrusynda bellenilip, degişli ugurlarda döwrebap tendensiýalar we wezipeler kesgitlenildi.

Halkara maslahat Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistanda boljak duşuşygyna bagyşlanyp geçirildi. Ozal hem bellenilişi ýaly, onuň işine ylmy we gözleg institutlarynyň, Daşary işler ministrliginiň, öňdebaryjy syýasy we ykdysady merkezleriň, iki ýurduň Ylymlar akademiýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň