12-nji iýulda Daşkent şäherindäki Merkezi Aziýanyň halkara institutynda «Özbegistan we Türkmenistan: Ösüşiň geljekki gözýetimleri özara gatnaşyklaryň täze taryhy tapgyrynda» atly mowzukda Halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada «UzDaily.uz» habarlar saýtynda bellenilýär.
Halkara maslahat Merkezi Aziýanyň halkara instituty bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda geçiriler.
Maslahata Özbegistanyň we Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň hem-de seljeriş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de tejribeli bilermenler, şol sanda özbek tarapynyň degişli hünärmenleri bilen birlikde Özbegistan Respublikasynyň Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň ýanyndaky Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşarlar.
«Özbegistan we Türkmenistan: Ösüşiň geljekki gözýetimleri özara gatnaşyklaryň täze taryhy tapgyrynda» atly mowzukda geçjek maslahat ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikli ugurlary boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de onuň geljekki ösüşini kesgitlemäge giňden ýardam berer.