Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi bellendi

14:0309.07.2022
0
6305

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Sapar Begžanowiç Palwanow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanynda Sapar Begžanowiç Palwanowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.

Türkmen Lideriniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Çary Kakamyradowiç Ataýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Niderlandlar Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilliginiň ýolbaşçysy wezipelerinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň