Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana täze ilçi belledi

12:2509.07.2022
0
3438
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjana täze ilçi belledi
Surat: Bilal Agalarov с сайта Pixabay

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Permana laýyklykda, Gurbanmämet Elýasowy Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky (Baku şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi.

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, döwlet Baştutanynyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Gurbanmämet Elýasow Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň