Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň baş kinoarhiwi 10 müňe golaý filmi sanlylaşdyrdy

16:1808.07.2022
0
2885
Russiýanyň baş kinoarhiwi 10 müňe golaý filmi sanlylaşdyrdy
Surat: mgppu.ru

2020-nji ýyldan bäri Russiýanyň «Baş film gaznasy» plýonkaly filmleriň tas 10 müňüsini sanly ulgama geçirdi. Taslamany durmuşa geçirmek we sanly görnüşde saklamak «Medeniýet» («Культура») milli taslamasy boýunça mümkin boldy.

Ýurduň Medeniýet ministrliginiň filmleri distrubýutorlyk işine goşmak maksatnamasy bar, munuň çäginde edara 16-30-njy noýabr aralygynda arhiw filmleriň Halkara festiwalyny geçirmekçidigini habar berdi.

2021-nji ýylyň güýzünde geçen I Moskwa Halkara arhiw kinosynyň festiwalynda abatlanan, dikeldilen ýa-da ýiten hasaplanýan filmler görkezildi. Bu barada «Izwestiýa» gazeti ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň