Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň göreş boýunça ýetginjekler ýygyndysy Italiýada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar

22:2707.07.2022
0
8652

Türkmenistanyň erkin we grek-rim göreşleri boýunça ýetginjekler ýygyndysy 25 — 31-nji iýulda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde geçiriljek 17 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşar.

Aşgabat şäherindäki 89-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Azymberdi Aşyrgulyýew, 7-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde bilim alýan Ysmaýyl Muhammedow, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Alp Arslan Begenjow, şol mekdebiň 10-njy synpynda okaýan Parahat Ataýew dagylar erkin göreş boýunça geçiriljek ýaryşlarda çykyş eder.

Erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndymyza Aşgabat şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Batyr Orazgylyjow bilen Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň tälimçi-mugallymy Berdi Atabaýew tälimçilik eder.

Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýmyrat Awliýagulyýew hem-de Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçi-mugallymy Magtymguly Zamanmyradowyň ýolbaşçylygynda bolsa grek-rim göreşi boýunça Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Şatlyk Ýunusow hem-de Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kakabaý Kakabaýew türkmen ýygyndysynyň adyndan göreş düşekçesine çykarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň