Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Jozef Baýdeni ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

18:2305.07.2022
0
3277

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň ähli halkyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň