Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Hemdem» dükany dünýäniň öňdebaryjy brendleriniň keramika plitalaryny we keramika-granit önümlerini hödürleýär

12:0705.07.2022
0
9960

Keramika we keramika-granit plitalary eýýäm köp ýyllar bäri uly isleg bildirilýän önümleriň biri hasap edilýär. Dünýäniň bu ugurda iş alyp barýan öndürijileri her ýylda dünýä bazaryna keramika önümleriniň täze müňlerçe görnüşlerini hödürleýärler. Bu hili önümleriň iň gowy we ýokary hilli görnüşlerini Aşgabat şäherinde ýerleşýän köpugurly «Hemdem» dükanyndan hem tapmak bolýar.

«Hemdem» dükanynyň söwda çygrynda alyp barýan esasy işi daşary ýurtlarda we türkmen kärhanalary tarapyndan öndürilen ýokary hil standartynyň talaplaryna laýyk gelýän hem-de sertifikatlaşdyrylan önümleri alyjylara ýetirmäge ýöriteleşendir. Dükanyň harytlarynyň hatarynda dünýäniň öňdebaryjy «Roka Ceram» kompaniýasynyň hem dürli görnüşli we islendik ölçeglerdäki keramika önümleri bar.

Belläp geçsek, «Roka» kompaniýasy aslynda 1917-nji ýylda radiator önümçiligi üçin esaslandyrylyp, 50-nji ýyllarda önümçiligini giňeltmek bilen diwarlyk hem-de pol üçin keramiki plitalary öndürip başlady.

Mundan başga-da «Hemdem» dükanynda «Modern Ideal Company» kompaniýasynyň «Mico» haryt nyşanly meşhur keramika-granit önüm görnüşlerini görmek bolýar. Bu ýokary berklikdäki we uzak möhlete hyzmat edýän önümler Ispaniýanyň ösen önümçilik tehnologiýalary esasynda Eýranda öndürilýär.

«Hemdem» dükany harytlaryny gönüden-göni öndürijilerden alýar. Şonuň üçin hem dükan harytlaryň bahalarynyň elýeterliligini we hilini kepillendirýär. Müşderi dükandan satyn alan harydy üçin şäheriň islendik ýerine tölegsiz we tiz eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp biler. Şeýle-de satyn alnan haryt artan halatynda, müşderiniň ony dükana yzyna gaýdyp bermäge mümkinçiligi bardyr.

Döwrebap öý bezeglerinde giňden peýdalanylýan keramika plitalary we keramika-granit önümleri Aşgabat şäheriniň G.Kuliýew köçesinde ýerleşýän «Altyn» söwda binasyndaky «Hemdem» dükanynda müşderilere hödürlenýär.

Dükan bölekleýin we lomaý söwdany amala aşyrmak bilen, dürli ölçegdäki önümleri satyn almaga mümkinçilik döredýär.

Dükanyň iş wagty: hepdäniň ähli günleri, sagat 09:30-dan 19:00-a çenli.

Habarlaşmak üçin:

  • Telefon belgileri: (+993 65) 65 16 15; (+993 65) 67 79 47;
  • Dükanyň sosial media ulgamyndaky hasaby.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň