Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga garşy göreş boýunça topar döredildi

23:5801.07.2022
0
3105

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu gün geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Muhammedow jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu ugurda işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda utgaşdyryjy Pudagara iş topary döredildi. Onuň düzümi degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň müdirlik, bölüm başlyklary derejesinde bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylda kabul edilen Türkmenistanyň «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakyndaky» täze rejelenen görnüşdäki Kanunyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, utgaşdyryjy Pudagara toparyny döretmek teklip edilýär. Onuň düzümine degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy düzümleriň ýolbaşçylary giriziler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döredilmegi teklip edilýän toparyň işiniň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmegiň milli ulgamynyň netijeli işiniň üpjün edilmegine gönükdirilmelidigini, onuň pudagara derejedäki we degişli düzümleriň görnüşindäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň üpjün edilmelidigini belledi. Bu ugurda bar bolan wezipeleri çözmekde diňe bir kanunçylyk taýdan däl, eýsem, bu ugurda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak esasynda hereket edilmelidir. Döwlet Baştutany hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere bu ugurda anyk işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň