Soňky habarlar

Arhiw

Kemeron Diaz sekiz ýyllyk arakesmeden soň kino dolanýar

17:3801.07.2022
0
1235

Amerikaly zenan kino ýyldyzy Kemeron Diaz sosial torlarda ýerleşdiren habarynda sekiz ýyllyk arakesmeden soňra kino dolanýandygyny buşlady diýip, «CNN» teleýaýlymy habar berdi.

49 ýaşly Diaz «Netflix» striming gullugynyň täze «Ýene iş başynda» («Снова в деле») atly filminde baş keşbi döreder. Onuň bilen bile aktýorlar Tom Bredi we Jeými Foks surata düşerler. Soňky gezek 2014-nji ýylda aktrisa «Enni» («Энни») atly filmde Jeými Foks bilen surata düşüpdi.

«Jeými Foks, diňe sen meni hatara goşup bilersiň. Sabyr-takadym galmady, bu film, hakykatdanam, aňk ediji bolar!» diýip, Diaz surata düşüriliş meýdançasyndan alnan suratyň aşagynda ýazan sözünde belleýär.

Täze filmiň ady we haçan prokata çykjakdygy gizlin saklanýar, emma filmiň režissýory Set Gordonyň surata alnyşa eýýäm öňdäki güýzde girişjekdigi belli. Bu barada «MIR24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň