Turkmenportal logo
29.06.22
4108141081
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Akon Türkmenistanda ikinji konsertini berdi
Akon Türkmenistanda ikinji konsertini berdi

Senegally we amerikaly reper, aýdymçy Akon türkmenistanly diňleýjileriň öňünde ikinji gezek hem konsert bilen çykyş etdi. Ikinji konsert hem Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň Ak öýi» binasynda geçirildi.


Konserte müňlerçe türkmenistanly mugt gatnaşmak mümkinçilgine eýe boldy.


Akon konsertde DJ Benny Demus bilen bile çykyş etdi. Ol Beautiful, Smack that, Right now, Lonely, I Wanna Love You ýaly meşhur aýdymlarynyň birnäçesini ýerine ýetirdi.


Sahnada şwesiýaly sazanda Dr. Alban hem çykyş etdiler. Dabara ýygnananlar onuň 1992-nji ýyldan bäri meşhurlygyny gorap gelýän It’s My Life atly aýdymyny has uly şowhun bilen garşyladylar.