Türkmenistanda Akonyň konserti bolar

13:1128.06.2022
2
79295
Türkmenistanda Akonyň konserti bolar
Surat: qpmp3.com

Şu günler Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda dünýä estradasynyň meşhur aýdymçylarynyň çykyş etmeginde konsert geçiriler.

Konsertde tanymal aýdymçylardan Dr.Alban (Şwesiýa), Akon (Senegal), Demet Akalyn (Türkiýe), Amani Swissi (Tunis), Emin Agalarow (Azerbaýjan), «Artik&Asti» topary we beýlekiler çykyş eder.

Konsertiň geçirilýän wagty:

  • 28-nji iýunda sagat 20:00-da;
  • 29-njy iýunda sagat 15:00-da.

Konserte tölegsiz gatnaşyp bolýar.

Bu konserte gatnaşyjy tomaşaçylar üçin ýörite 72 belgili jemgyýetçilik awtobusynyň gatnajakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň