Turkmenportal logo
27.06.22
3417434174
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda gruzin aşhanasynyň restorany açyldy
Aşgabatda gruzin aşhanasynyň restorany açyldy

Aşgabatda täze Georgia restorany açyldy. Restoranyň ady iňlisçeden terjime edilende «Gruziýa» diýmegi aňladýar, restoranyň esasy ugry — gruzin aşhanasy.


Menýuda däp bolan gruzin tagamlary bar: haçapuri, sasiwi, çahohbili, harço, hinkali, kebap we beýlekiler. Menýuda şeýle hem işdäaçarlar, çorbalar, içgiler we süýjülikler bar.


Restoranyň içi oňaýly we milli öwüşginleri äheňler bilen doldurylan. Restoranyň içinde hem, daşynda hem oturmak üçin ýerler döredilen.


Restoran Aşgabadatky Botanika bagynyň merkezi girelgesiniň golaýynda ýerleşýär.