Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary inžener we kompýuter grafikasyndaky täzelikleri ara alyp maslahatlaşdylar

11:3720.06.2022
0
11186

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlary Daşkendiň Nyzamy adyndaky döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň arasynda «Inžener we kompýuter grafikasynda innowasion tehnologiýalar» atly tema boýunça sanly ulgam arkaly halkara ylmy-usuly maslahat geçirildi. Bu barada jeyhun.news web-saýtynda habar berilýär.

Maslahatda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary inženerçilik we kompýuter tehnologiýalary babatda soňky gazanylan ösüşler dogrusynda çykyş etdiler.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Informatika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiri Gadam Şemsitdinowyň, şol kafedranyň fizika mugallymy Merdan Myradowyň çykyşlarynda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeleri, türkmen ýaşlarynyň täze tehnologiýalardan kämil baş çykarmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň