Turkmenportal logo
17.06.22
40854085
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şährislamyň gymmatlyklaryna bagyşlanan ylmy neşir çapdan çykdy
Şährislamyň gymmatlyklaryna bagyşlanan ylmy neşir çapdan çykdy

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Allaguly Berdiýew bilen Gulamylla Ýagşymyradowyň bilelikde taýýarlan «Şährislamyň maddy-medeni gymmatlyklary» atly türkmen we iňlis dilindäki kitaby okyjylar köpçüligine gowuşdy.


Bu barada «Edebiýat we sungat» gazeti şu günki sanynda habar berdi.


Kitapda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki gadymy Şährislam ýadygärliginiň geçmiş-taryhy we ol ýerde şu günlerki alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.


Alymlaryň irginsiz gözlegleri netijesinde ýazylan bu ylmy-seljerme kitaby Şährislam ýadygärligine degişli maddy-medeni gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.