Hytaýda ýaşy üç müň ýyldan geçýän hum tapyldy

15:4816.06.2022
0
6073

Hytaýyň günorta-günbatarynda Syçuan welaýatynda arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda 13 müň sany artefakt tapyldy. Ýaşy üç müň ýyldan geçýän tapyndylar bürünç asyrynyň irki gyzyl ammarynda tapyldy. Aglabasy altyndan, bürünçden we nefritden edilen tapyndylaryň arasynda arheologlar pyşdylyň pansiriniň şekilinde sandyk we sadaka altary tapyldy, diýip mir24 habar berýär.

Adaty bolmadyk şekildäki sandyk bürünç bilen nefritden ýasalan. Beýikligi bir metr töweregi bolan sadaka altary bolsa bürünçden edilen. Hünärmenleriň pikirine görä, ol Şu patyşalygy döwründe sadaka getirmek üçin hyzmat edipdir.

Neşiriň bellemegine görä, tapylan tapyndylar diýseň dürli-dürli. Bu bolsa Hytaýyň gadymy medeniýetleriniň arasynda medeniýetara alyş-çalşa şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň