Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Bahreýniň ýygydylary özara bäşinji duşuşygyny geçirerler

18:5713.06.2022
0
7508

Türkmenistanyň we Bahreýniň futbol boýunça milli ýygyndylary mundan ozal biri-biri bilen taryhda dört gezek duşuşypdylar. Olaryň ilkinjisi Aziýa oýunlary ― 1994-iň çäginde 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykdyr.

2005-nji ýylyň awgust aýynda türkmen ýygyndysy Russiýada, Gazagystanda we Özbegistanda oýnaýan legionerleri bilen Bahreýniň ýygyndysyndan 0:5 hasabynda asgyn geldi. Bu duşuşyk türkmen ýygyndysynyň iň uly hasapda utulan duşuşyklarynyň biri hökmünde hem taryha girdi.

Aziýanyň kubogy ― 2019-yň çäginde Bahreýn bilen iki duşuşyk geçiren türkmen futbolçylary Daşogzda 1:2, myhmançylykda bolsa 0:4 hasabynda asgyn geldiler.

FIFA-nyň reýtinginde Bahreýniň ýygyndysy häzir 89-njy orny eýeleýär. Milli ýygynda portugaliýaly hünärmen Eliu Souza tälim berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň