Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putini Russiýanyň güni bilen gutlady

23:4612.06.2022
0
6445

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putini, şeýle-de ýurduň halkyny Russiýanyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar ýokary derejesi we yzygiderli ösdürilýändigi bilen häsiýetlendirilip, birek-birege hormat goýmagyň, ynanyşmagyň hakyky nusgasydygyny belleýär.

«Türkmen-rus döwletara gatnaşyklary wagtyň synagyndan geçdi we häzirki döwürde ýola goýlan ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk ýurtlarymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine yzygiderli berkidilýär. Biz gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyrys» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belläp geçdi.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, gutlag hatynyň ahyrynda türkmen Lideri Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Belläp geçsek, Russiýa Federasiýasynyň esasy jemgyýetçilik baýramçylyklarynyň biri bolan Russiýanyň güni ýurtda 1990-njy ýylyň 12-nji iýunyndan bäri, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet ygtyýarlylygy baradaky Jarnamanyň kabul edilen gününden bäri her ýyl bellenilip geçilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň